MetaTrader 4MT4 ady bilen meşhur MetaTrader 4 onlaýn-treýderler tarapyndan giňden ulanylýan elektron söwda meýdançasydyr.[1] Elektron söwda meýdançasyny “MetaQuotes Software” kompaniýasy işläp düzdi. Programma üpjünçiligi müşderi, şeýle hem serwer böleklerinden ybaratdyr. Serwer bölegi broker tarapyndan dolandyrylýar, müşderi programma üpjünçiligi bölegi bolsa brokeriň müşderilerine berilýär, olar ony bahalary we tertipnamalary hakyky wagtda görmek, buýurmalary ýerleşdirmek we öz hasaplaryny dolandyrmak üçin ulanýarlar. Müşderi Microsoft Windows binýadyndaky priloženiýe bolup durýar. Mac OS üçin MetaTrader 4-iň resmi görnüşiniň ýokdugyna garamazdan, käbir brokerler Mac OS üçin özleriniň işläp düzen MT4 görnüşlerini berýärler.[2] MetaTrader 4 maržinal söwda üçin niýetlenilendir. Käbir iri broker kompaniýalary CFD söwdasy üçin MetaTrader 4-i ulanýarlar[3], ýöne şeýle-de bolsa, ol gazna bazaryndaky hemişelik iş üçin niýetlenilendir:
Ulanyjynyň hususy söwda skriptlerini ýazmak mümkinçiligi we söwdany awtomatlaşdyryp biljek robotlar arkaly MetaTrader 4 meşhur boldy.[4] Söwdany awtomatlaşdyrmak üçin MetaTrader 4 ulanyjy indikatorlaryny we söwda programmalaryny ulanyp bilýär. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen barlaga görä, MetaTrader 4 dünýä boýunça Foreksiň iň meşhur söwda meýdançasydyr.[5] Bellikler
|